Hindistanda näsag bir zenanda ozal näbelli gan topary tapyldy

  • 04.08.2025 17:52
  • 8k+

Hindistanyň Karnataka ştatynyň Kolar etrabynyň 38 ýaşly ýaşaýjysynda gan toparynyň ozal belli bolmadyk antigeniniň bardygy anyklandy. Açyşy lukmanlar ýürek operasiýasyny geçirmäge taýýarlyk görýärkäler ýüze çykardylar diýip, The New Indian Express gazeti habar berýär.

Näsagyň gany iň ýaýran hasaplanýan O Rh + gan görnüşi diýip kesgitlendi. Emma donor gany saýlanylanda bu toparyň bar bolan dozalarynyň hiç biriniň-de oňa gabat  gelmeýändigi ýüze çykdy.

"Öňdebaryjy serologiki usullary ulanyp, toparymyz ganyň “panreaktiwdigini” - ähli synag nusgalaryna laýyk gelmeýändigini anyklady. Biz ony seýrek ýa-da näbelli görnüşdir diýip güman etdik, 20 garyndaşynyň gan nusgalaryny barladyk, ýöne olaryň hiç biri gabat gelmedi" – diýip, klinikanyň hirurgy Ankit Matur gazete gürrüň berdi.

Operasiýa şowly geçdi, şonuň üçin hiç hili gan goýbermek gerek bolmady.
Ganyň nusgalary Beýik Britaniýadaky Halkara barlag laboratoriýasyna we Bangalorodaky gan merkezine iberildi. Hünärmenler on aýlap dowam eden barlaglardan soň CRIB atly täze antigeniň tapylandygyny tassykladylar. Ol Cromer ulgamyna degişli edildi. CRIB gysgaltmasy açylan ýeriň hormatyna Cromer, India, Bangalore diýip düşündirilýär.
Käbir immunologlar şeýle seýrek gan görnüşiniň döremeginiň sebitde ýakyn garyndaşlaryň özara nikalaşmak däbi bilen baglanyşykly bolup biljekdigine ynanýarlar.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......