Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli Tejen – Mary awtomobil ýoluny açdy

  • 17.04.2024 13:42
  • 30k+

Şu gün, 17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

Uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy üç tapgyrda – Aşgabat – Tejen (203 kilometr), Tejen – Mary (109 kilometr) we Mary – Türkmenabat (288 kilometr) tapgyrlarda amala aşyrylýar. 
Mälim bolşy ýaly, “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan gurluşygy amala aşyrylýan bu taslamanyň birinji tapgyry – Aşgabat – Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. 

Dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Tejen bölegi “Altyn nesil” hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi. Şunda ähli mümkinçilikler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem ýolagçylar üçin döwrebap dynç alyş we hyzmat ediş zolaklary bina edildi.
Halkara derejeli bu ýol 6 sany hereket zolagyndan ybarat bolup, tehniki taýdan dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär. Täze awtomobil ýolunyň ugrunda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli amatly şertler döredilip, söwda nokatlary, naharhanalar, myhmanhanalar, inženerçilik desgalary bina edildi, döwrebap elektron töleg terminallary, aragatnaşyk ulgamlary, wideogözegçilik enjamlary, tizlik ölçeýjiler we beýlekiler oturdyldy.
Her ugurda hereket zolagyna adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolak, suwly ganaw hem-de haýwanlaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen metal germewler sepleşýär. Ýol örtügi birinji derejeli täze awtoban döwrebap serişdelerden — ýokary hilli asfalt-betondan, sintetik örtükden, geogözeneklerden, torlardan we awtomobil ýolunyň netijeli gatlarynyň mäkämligini artdyrýan beýleki serişdelerden ybarat bolup olar ýol örtüginiň we köp gatly ýer düşeginiň göterijilik ukybyny artdyrmak üçin ulanylýar.
Ýol düzümi iň ýokary ülňüleri hasaba almak bilen abadanlaşdyryldy. Onuň ugrunda awtoduralgalar, sürüjiler we ýolagçylar üçin dynç alyş ýerleri, dükanlar, kafeler, ýangyç guýujy beketler we beýleki desgalar guruldy. Awtomobil ýolunyň düzüminde gözegçilik kameralary bilen üpjün edilen ýol hereketine gözegçiligi amala aşyrýan gullugyň, tehniki we ýol hyzmat gulluklarynyň nokatlary göz öňünde tutulypdyr. 
Ulag akymy barada ähli maglumatlary toplaýan, ýatda saklaýan we ýol gözegçilik gullugyna geçirýän bökdençsiz ýörite wideogözegçilik ulgamy arkaly dolandyrylýar. Bu ýere meteorologiýa bekedinden ýoluň çyglylygy, görnüş aralygy baradaky we beýleki maglumatlar hem iberilýär.
Ýokary tizlikli awtomobil ýoluň ugrunda gaýragoýulmasyz jaňlar we tiz kömek merkezi bilen baglanyşdyrýan telefon aragatnaşygyň ýörite nokatlary oturdylypdyr.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

01.06.2026 07:34
8.4k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......