Aşgabatda ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmegiň strategiýalary maslahatlaşyldy

  • 12.04.2024 14:29
  • 3.8k+

11-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygy ilerletmek: Ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek» atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, maslahata Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri R.Meredow, BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG- niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy K.Imnadze, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy J.MakGregor, Türkmenistanda ygtyýarlandyrylan diplomatik korpusyň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Şeýle hem sanly wideo aragatnaşyk arkaly Bütindünýä söwda guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary S.Çžan, BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlary boýunça Sebitleýin edarasynyň müdiri I.Žiwkowiç, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary we sebitleýin wekili W.Gutsu, BMG-niň Ýewropada we Merkezi Aziýada durnukly ösüş maksatlaryny utgaşdyrmak boýunça sebiteýin direktory G.Son, Halkara söwda merkeziniň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary D. Tembo, şeýle-de UNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit direktory R. De Dominisis çykyş etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 63-nji umumy ýygnagynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2024-nji ýylyň 21-nji martynda halkara bileleşiginde parahatçylyk dialogy medeniýetini ilerletmek boýunça işjeňligi dowam etdirmegiň ähmiýetini görkezýän «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň bir agyzdan kabul edilendigini bellediler.
Bu Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara jemgyýetçiliginde parahatçylykly we ynanyşma esasly gepleşik medeniýetini ösdürmek boýunça alyp barýan yzygiderli tagallalarynda nobatdaky ädim boldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», şeýle hem 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky öňki Kararnamalary ýaly, Türkmenistanyň täze başlangyjy-da BMG- niň ýörelgelerine we dünýä ösüşiniň wajyp hakykatlaryny hem tendensiýalaryny göz öňünde tutmak bilen halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna esaslanýan Bütindünýä howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmäge gönükdirilendir.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasy bilelikdäki hereketler üçin esas hökmünde kabul edilip, ýüze çykýan ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullar hem serişdeler arkaly çözmäge, döwletleriň arasynda ynanyşmak esasly gatnaşyklary pugtalandyrmaga niýetlenendigi aýratyn nygtaldy.
«Parahatçylygy ilerletmek: Ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek» atly maslahat öz işini «Jedelleri çözmek we ynanşmagy berkitmek üçin syýasy, ynsanperwer we diplomatik mehanizmler», «Parahatçylyk proseslerini goldamakda we ýardam bermekde halkara guramalaryň orny» we «Durnukly ösüşi we parahatçylygy goldamagyň ykdysady jähtleri» ýaly bölümçelerde dowam etdi.


düýn 16:50
1.9k+

Türkmen öndürijileri Kazan Halal Market halkara ýarmarkasyna gatnaşar

2026-njy ýylyň 12–17-nji maýy aralygynda Kazan şäherinde geçiriljek Kazan Halal Market halkara söwda ýarmarkasynda Türkmenistanyň önümleri görkeziler. Bu çäre «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara......

düýn 07:24
10k+

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze döwrebap şäherçäni gurmak barada Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi....

07.04.2026 23:10
7.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip,......

07.04.2026 15:59
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasynyň täze ilçisiniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 6-njy aprelde Koreýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Won-Jeden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi diýip,......