Raşid Meredow we Jozep Borrel Brýusselde gepleşik geçirdiler

  • 21.03.2024 18:31
  • 5k+

19-njy martda Brýusselde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ÝB-niň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça ýokary wekili Jozep Borreliň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň DIM-iň metbugat-gullugy habar berýär.

Diplomatlar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge aýratyn üns berdiler.
Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda energetika, ulag, sanlylaşdyrma, bilim we howa ugurlary bellenildi.
Taraplar ÝB – Türkmenistan Bilelikdäki komiteti, adam hukuklary boýunça dialog we parlamentara dialog ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan mehanizmleriniň ähmiýetini nygtadylar.
Mundan başga-da, sebit howpsuzlygy boýunça pikir alşyldy. Raşid Meredow hemişelik bitaraplyk statusynyň ýörelgelerine esaslanyp Türkmenistanyň hökümetiniň bu ugurda alyp barýan tagallaryna we başlangyçlaryna ünsi çekdi.
Şeýle-de, gepleşiklerde şu ýyl Türkmenistanda ÝB – MA görnüşinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyny guramak meselelerine garaldy.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......