Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekdi

  • 19.03.2024 20:43
  • 7.2k+

18-nji martda Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Gol çekmek dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belgiýanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky hemişelik wekili Willem wan de Wordyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Ýewropanyň daşary aragatnaşyklar gullugynyň Gündogar Ýewropa, Russiýa, Merkezi Aziýa we ÝHHG ýurtlary boýunça dolandyryjy direktory Mihael Zibert hem gatnaşdy.
Häzirki wagtda Belgiýa Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde Başlyklyk edýär.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terhi Hakala bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......