Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Iň eýjejik gyzjagazy» yglan edildi

  • 15.03.2024 22:01
  • 13k+

15-nji martda Aşgabatdaky «Watan» kinokonsert merkezinde «Iň eýjejik gyzjagaz — 2024» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň Aşgabat, Arkadag şäher we welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan zehinli gyzjagazlar gatnaşdylar. Jemleýji tapgyrda Baş baýraga Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Nurşat Myratowa mynasyp boldy. 

Bäsleşigi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde gurady diýip, "Güneş" žurnalynyň elektron neşiri habar berdi.
Düzgünnama laýyklykda, oňa gatnaşýan gyzjagazlar üç şert boýunça bäsleşdiler. Birinji şertde 4 minutyň dowamynda eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.
Gyzjagazlar ikinji şertde milli egin-eşiklerini şahyrana sözler bilen wasp etdiler. Üçünji şertde bolsa öz ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.
Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrliginiň wekillerinden hem-de ýurdumyzyň tanymal medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat eminler topary bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlaryň her bir çykyşyna mynasyp baha berdiler. Eminler toparynyň gelen netijesine görä, şu ýeňijiler yglan edildi:

1-nji orun: Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Aýmelek Gylyçmyradowa;
2-nji orun: Aşgabat şäherindäki 147-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Aýlar Çaryýewa;
3-nji orun: Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Aýna Döwletýarowa.
Ýeňijilere guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçirilýän bu bäsleşik indi birnäçe ýyl bäri Milli bahar  baýramynyň öňüsyrasynda guralyp, baýramçylyk şatlygyny artdyrýar.


düýn 17:48
4.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

düýn 12:12
2.5k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
2.8k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......