Türkmenistanyň ähli sebitlerinde täze ýaşaýyş jaýlary açyldy

  • 09.03.2024 17:01
  • 13k+

Halkara zenanlar gününde Türkmenistanyň dürli künjeklerinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary geçirildi.

Türkmenistan Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde bir sany 4 gatly 64 öýli täze ýaşaýyş jaýynda öý eýelerine açarlary gowşurmak dabarasy boldy.
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde iki sany 4 gatly 40 öýli ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi.
Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda dört sany 4 gatly 16 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylmagy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Zelili köçesiniň ugrunda we Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň Şypaly şaýolunyň ugrunda geçirildi. Bu ýerlerde degişlilikde, üç sany 4 gatly 24 öýli we bir sany 4 gatly 32 öýli we bir sany 4 gatly 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyşy boldy.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......