Türkmenistanda Amul galasyna bagyşlanan halkara ylmy-maslahat geçiriler

  • 08.03.2024 10:09
  • 6.1k+

25-26-njy aprelde Türkmenistanda «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow 7-nji martda Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, maslahat “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli geçiriler. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Lebap welaýat häkimliginiň bilelikdäki tagallalary esasynda guralar.
Ilkinji gezek geçirilýän halkara ylmy maslahatyň esasy maksady dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň, taryhçylarynyň, arheologlarynyň ünsüni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, strategik taýdan ähmiýetli geçelge bolan bu gala çekmek bilen, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýady döretmekden hem-de medeni diplomatiýany ösdürmekden, olary halkara giňişlige giňden ýaýmakdan ybaratdyr. Maslahata ýurdumyzdan, şeýle hem daşary ýurtlardan taryhçylaryň, arheologlaryň, Gündogary öwrenijileriň, ýaş alymlaryň, ÝUNESKO-nyň halkara bilermenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....