Türkmenistan Hazaryň we Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä gaz ibermek mümkinçiliklerine eýe - Gurbanguly Berdimuhamedow

  • 04.03.2024 12:17
  • 14k+

Türkiýä iş saparynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak nukdaýnazaryndan, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň “TRT World” teleýaýlymynyň habarçysy Ýusuf Erimiň degişli sowalyna jogap berip, energiýa serişdelerini eksport etmegiň hukuk meselesine degip geçdi we 2018-nji ýylda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň kabul edilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen mawy ýangyjyny Hazaryň we Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä ibermek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Türkmenistan öz tebigy gazyny köp döwletlere iberýär. Şunda önüm öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň arasyndaky sazlaşygyň energetika hyzmatdaşlygynda möhüm görkeziji bolup durýandygy bellenildi.
Belläp geçsek, saparyň çäklerinde
 Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......