Türkmenistanda emeli aň we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek üçin ylmy-tehnologiýalar merkezi peýda bolar

  • 02.03.2024 13:38
  • 7.3k+

Türkmenistanda innowasion tehnologiýalary, ylmyň, önümçiligiň, senagatyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nano, bio we maglumat, sanly we “akylly”, kiberhowpsuzlyk, emeli aň we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, kompýuter, mobil programmalaryny döretmek maksady bilen “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi dörediler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Merkez şeýle hem ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegi, innowasion tehnologiýalary döretmäge ýaşlary işjeň çekmegi maksat edinýär.
“Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan uniwersitetiň garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işlär.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna Merkeziň bellenen tertipde döredilmegini hem-de şu merkeziň Tertipnamasynyň taýýarlanylmagyny we bellenen tertipde tassyklanylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.


şu gün 10:53
560

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.9k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....