Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 30.01.2024 08:04
  • 9.7k+

29-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi. Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş we geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär.
Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri bilen birlikde, oba hojalyk ekinlerine berilýän suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri alnyp barylýar.
Mundan başga-da, häkimler welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdiler.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň esasy wezipe bolýup durýandygyny belledi we ýurdumyzyň ak ekin meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gowaça ekiljek meýdanlaryň, ekiş üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň, oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň ýazky ekiş möwsümine taýýar edilmegini, şeýle hem ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Döwlet Baştutany  welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen Maksatnamalarda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler babatda birnäçe görkezmeleri berdi.


şu gün 08:13
1.1k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
2.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
672

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......