Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen gyzyklandy

  • 08.01.2024 22:08
  • 13k+

Şu gün, 8-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.  
Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri, wise-premýer T.Atahallyýew ýerlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Mundan başga-da, häkimler welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, şeýle hem ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhümdigini belledi we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini,  gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginleriniň güýçlendirilmegini,  şeýle hem pagtaçy babadaýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň taýýar edilmegini, gant şugundyrynyň hasylynyň  ýygnalyp alynmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimlerine ýüzlenip, öňümizdäki ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi we ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de gurallaryň möwsüme doly taýýar edilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......