Täze ýyl gijesi Aşgabatda we welaýatlarda ýolagçy awtobuslary gije 1-e çenli hereket eder

  • 31.12.2023 10:42
  • 25k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi Täze ýyl baýramy mynasybetli, ilatyň awtoulag hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de awtoulag hyzmatlarynyň hiliniň we medeniýetiniň has-da ýokary bolmagyny üpjün etmek maksady bilen degişli işleri geçirdi.

Şoňa laýyklykda, Aşgabat, Arkadag, Balkanabat, Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerinde şäheriçi, Aşgabat şäherinden Gökdepe we Änew şäherlerine hem-de Gökdepe şäherinden Arkadag şäherine şäherýaka ugurlar boýunça 2023-nji ýylyň 31-nji dekabry sagat 06:00-dan 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwary sagat 01:00-a çenli awtobus hyzmatlary ýerine ýetiriler. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Taksi hyzmatlary gije-gündiziň dowamynda amala aşyrylar.


düýn 20:34
1k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.5k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......