Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda Täze ýyla taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy

  • 25.12.2023 22:35
  • 12k+

25-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda häkimler welaýatlarda Täze ýyl baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek hem-de bu baýramyň bellenilýän günlerinde welaýatlaryň bazarlaryny we dükanlaryny azyk önümleri bilen doly üpjün etmek boýunça görülýän zerur çäreler barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işledilmegi we ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjünçiligi gözegçilikde saklanylýar.    
Şunuň bilen bir hatarda, baýram günlerinde edara-kärhanalarda gije-gündiz nobatçylygy guramak boýunça degişli işler  geçirilýär.
Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli azyk harytlary bilen bolelin we elýeterli bahalardan üpjün edilmegi babatda welaýatlaryň häkimlerine degişli tabşyryklary berdi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......