Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryny gutladylar

  • 02.12.2023 09:24
  • 12k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana, şeýle hem ýurduň halkyna Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Döwlet Baştutany açyklyk, birek-birege hormat goýmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň uzak möhletleýin hem-de köpugurly häsiýete eýedigini nygtap, özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna, doganlyk halklaryň bähbidine täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini we dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, teklipleriň hem-de başlangyçlaryň esasynda ýakyn döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy mümkinçilikden peýdalanyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, BAE-niň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdiler.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......