Aşgabatda alty ýurduň demirýol edaralary CASCA+ geçelgesini ösdürmek barada teswirnama gol çekdiler

  • 16.11.2023 16:06
  • 4.6k+

«Aziýa – Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary – Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa» (CASCA+) multimodal ulag-üstaşyr ugry boýunça agza döwletleriň demirýol edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabatda geçirilýän altytaraplaýyn duşuşygyň Teswirnamasyna gol çekdiler.

Çärä Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gruziýadan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Eýrandan we Türkmenistandan ugurdaş ministrlikleriň we degişli edaralaryň, şeýle-de logistika kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň wekiliýetleri gatnaşýar.
Duşuşykda logistika gurluşlarynyň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy berkitmek, CASCA+ ulag geçelgesini işjeňleşdirmek, awtomobil, deňiz, demirýol we howa arkaly ýük gatnawlarynda ulag mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek maksady bilen gatnaşyjy döwletleriň tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
Aşgabatda CASCA+ halkara multimodal ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça agza döwletleriň demirýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi 15 – 17-nji noýabrda geçirilýär.


20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......