Türkmenistanyň ähli ilatly nokatlary ýokary tizlikli internet bilen üpjün edildi

  • 10.11.2023 18:36
  • 18k+

Türkmenistanyň ilatly nokatlary ýokary tizlikli internet bilen 100% üpjün edildi. Bu barada “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew Aşgabatda geçirilen Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlary we teleradioýaýradyş enjamlary boýunça “TurkmenTel – 2023” atly halkara ylmy maslahatynda eden çykyşynda aýtdy diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär.

Ol ýolbaşçylyk edýän agentliginiň Yslam Ösüş Banky bilen bilelikde 273 mln dollarlyk aragatnaşyk operatorlarynyň torlaryny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça birnäçe taslamany durmuşa geçirendigini belledi.

“Şonuň netijesinde biz ilatly nokatlaryň ýokary tizlikli internet bilen 100% üpjün edilmegini gazandyk. Munuň üçin milli aragatnaşyk hemramyzyň mümkinçilikleri, ykjam we fiksirlenen aragatnaşyk ýaly dürli tehnologiýalardan peýdalandyk” – diýip, Hudaýgulyýew belledi.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......