Türkmensitan «G7» we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy

  • 10.11.2023 13:51
  • 2.9k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Merkezi Aziýanyň we «Uly ýediligiň» («G7») ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna onlaýn görnüşde gatnaşdy.

8-nji noýabrda geçirilen duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Kanadanyň, ABŞ-nyň we Fransiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Çäre Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawanyň ýolbaşçylygynda geçdi.
Duşuşygyň barşynda sebit we halkara  gün tertibiniň möhüm ugurlary barada pikir alyşyldy. Oňa gatnaşyjylaryň ünsi aýratyn-da parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysady ösüş, «ýaşyl» özgerişlik we energiýa çeşmelerinden durnukly peýdalanmak ýaly ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerine gönükdirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary öz çykyşynda Merkezi Aziýanyň we «G7» ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň her bir ýurduň aýratynlyklaryny we zerurlyklaryny göz öňünde tutup, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanmalydygyny nygtady. Özara gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçiligiň sebitdäki parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga we Merkezi Aziýanyň dünýäniň häzirki zaman ýagdaýlaryna üstünlikli goşulyşmagy şertlerinde netijeli ulanylyp bilinjekdigine ynam bildirildi.
Türkmen tarapy duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen birnäçe tekliplere çekdi, olar Merkezi Aziýa we «G7» döwletleriniň hyzmatdaşlygyny ösdürmek nukdaýnazaryndan hem möhüm häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, howpsuzlyk we durnukly ösüş, wodorod energetikasy, ulag we logistika, howanyň üýtgemegi we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak  ýaly ugurlarda, şeýle hem energiýa kuwwatlylygy ösdürmek, şol sanda, türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugry boýunça ibermekde uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.


düýn 17:29
6.4k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....