Türkmen alymlary Magtymguly hakynda täze maglumatlary tapmak üçin Täjigistana iş sapary amala aşyrarlar

  • 05.11.2023 16:42
  • 19k+

Akyldar nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini bellemäge taýýarlygyň çäklerinde türkmen alymlary onuň durmuşy we döredijilik mirasy barada täze golýazmalarydyr beýleki çeşmeleri işjeň gözleýärler.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň işgärleri Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Eýranyň şäherlerine ylmy-döredijilikli saparlarynda bolup, şol ýerlerdäki ylmy merkezleriň kitaphanalarynda we golýazma gorlarynda saklanýan türkmen halkynyň edebi hem-de taryhy çeşmeleri bilen tanyşdylar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Magtymgulynyň we beýleki türkmen nusgawy şahyrlarynyň ömri hem döredijiligi, türkmen halkynyň taryhy we edebiýaty barada täze taryhy maglumatlary tapmak üçin institutyň alymlary Täjigistana iş sapary amala aşyrarlar. Olar 5 – 25-nji noýabr aralygynda kitap we golýazmalar gaznalarynda işlärler, milli mirasy gorap saklamak hem-de ylmy barlaglarda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin täjik kärdeşleri bilen duşuşarlar.
Ýurdumyzyň alymlary Täjigistanyň esasy milli kitap saklanýan gaznasy we respublikanyň öňdebaryjy ylmy-barlag instituty derejeli Abulkasym Firdousi adyndaky Milli kitaphananyň gorlaryny öwrenerler. Onuň gaznasynda üç milliondan gowrak özboluşly medeni we çeper eserler gymmatlyklary bar. Kitaphananyň gaznasynda iki müň nusgadan gowrak gündogar golýazmalar ýygyndysy bar.
Duşenbe şäherinde türkmen alymlary Täjigistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş we ýazuw mirasy institutyna baryp görerler, bu ýerde golýazmalary toplamak, saklamak, ylmy taýdan beýan etmek we kataloglaşdyrmak hem-de olaryň elektron nusgalaryny döretmek boýunça ençeme işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Gündogar golýazmalar gaznasynda 5750-den gowrak golýazma kitaby we täjik, pars, arap, türk we beýleki dillerde 6350-ä golaý daşbasma ýazgylardyr on müňlerçe dürli ylmy işler hem-de gadymy we orta asyrlar ylmynyň hem medeniýetiniň ähli ugurlary boýunça eserler bar.
Golýazmalaryň, daşbasma ýazgylaryň sany, ylmy we medeni ähmiýeti taýdan Täjigistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogar golýazmalar gaznasy Merkezi Aziýada iň irileriniň biridir. Onda saklanýan taryhy çeşmeler diňe bir täjigistanly alymlar däl, eýsem, daşary ýurtly gündogarşynaslar üçin hem ylmy barlaglara esas bolup hyzmat edýär. Olardaky gymmatly maglumatlar, Merkezi Aziýa we Gündogar halklarynyň taryhynyň, edebiýaty, dil biliminiň, tebigy ylymlaryň, filosofiýanyň, dini we sungatlaryň dürli meselelerini öwrenmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Täjigistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş we ýazuw mirasy instituty ýurtlaryň köpüsiniň, şol sanda Türkmenistanyň gündogary öwreniş merkezleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....