Türkmenistan ýakyn wagtda Azerbaýjana we Türkiýä elektrik energiýasyny iberip biler

  • 03.11.2023 15:46
  • 15k+

Ýakyn wagtda Türkmenistan Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana we Türkiýä elektrik energiýasyny iberip biler.

Trend agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji noýabrda Astanada Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitinde eden çykyşynda belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä, bu günki gün Türkmenistan öz elektrik energiýasyny Özbegistan we Gyrgyzystan ýaly goňşy ýurtlara iberýär. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri şu günüň özünde Hazar deňziniň türkmen kenarynda Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 megawatta deň bolan utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berlendigini belläp geçdi.
Şunuň bilen baglylykda Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan ýurtlar tarapyndan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça «Ýol kartasyny» taýýarlamagy teklip etdi.


şu gün 07:51
1.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......