Türkmenistan Türkiýe Respublikasyna ylym we tehnika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi

  • 26.10.2023 23:18
  • 7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda türk kompaniýalaryna ylym we tehnika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu günki şertlerde ykdysadyýetiň ösmeginde ylym we tehnikanyň orny gün-günden ýokarlanýar. Şunlukda ýurtlarymyzyň täze talaplara laýyk ösmegi we döwür bilen aýakdaş gitmegi möhüm bolup durýar.

«Şu derwaýys wezipeden ugur alyp, ylym we tehnika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip edýäris. Munuň çäklerinde iki ýurduň maglumat tilsimatlary pudagynda ýöriteleşdirilen kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy zerur hasaplaýarys. Bu ugurlarda bilelikdäki hereketleri alyp barmaga türkmen tarapynyň taýýarlygyny beýan edýäris» diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.


11.05.2026 23:19
4.1k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....

10.05.2026 14:09
1.5k+

Alymlar dinozawrlaryň peýda bolan wagtyny 10 mln ýyl öňe süýşürdi

ABŞ-dan paleontologlar dinozawrlaryň Ýer ýüzünde öňki çaklanylandan 10 million ýyl ir peýda bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky netijä geldi. Geçirilen barlaglara görä, olaryň gelip çykyşy 250–240 million ýyl......

07.05.2026 14:36
3.4k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......

07.05.2026 11:10
4.5k+

«Terminator-2» filmindäki ýaly: böleklenip, ýene-de täzeden ýygnalýan materiallar döredildi

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň hünärmenleri ýelim ýa-da himiki serişdeleri ulanmazdan, böleklenip we täzeden ýygnalyp bilýän robotlar we konstruksiýalar üçin täze tehnologiýany oýlap tapdylar....