Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystanyň Prezidentini gutladylar

  • 25.10.2023 09:49
  • 9.3k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe hem-de ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

«Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Gazagystan Respublikasy häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlarynda öňegidişlik we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly barýar. Ýurduňyz bu şanly güni durmuş-ykdysady ösüşde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we halkara giňişlikdäki abraýyny berkitmekde uly üstünlikler bilen garşy alýar» diýlip, Serdar Berdimuhamedowyň gutlag hatynda nygtalýar. Döwlet Baştutany hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha bermek bilen, onuň ýurtlarymyzyň we doganlyk halklarymyzyň bähbidine hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha bermek bilen, onuň ýurtlarymyzyň we doganlyk halklarymyzyň bähbitlerine hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine hem-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.


şu gün 19:38
234

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
188

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 20:55
2.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......