Ahmet Çalyk özüne ynanylan desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi

  • 10.10.2023 08:03
  • 24k+

9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow türkiýeli işewür Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Türk işewüri özüne ynanylan desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gurluşyk işleri işlenip taýýarlanylan ýörite meýilnama laýyklykda güýçli depginde alnyp barylýar.

Duşuşygyň dowamynda türkiýeli hyzmatdaşlaryň alyp barýan işleriniň ýagdaýy hem-de mundan beýläk-de gatnaşyk etmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň barşynda şeýle hem işewür Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzda 10-njy oktýabrda bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen gutlady. Şeýle hem Ahmet Çalyk, pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy we “Altyn Aý” altyn nyşanynyň gowşurylmagy bilen gutlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri türk hyzmatdaşlaryň, aýratyn-da, Ahmet Çalygyň Türkmenistanda saglygy goraýyş, önümçilik we energetika ulgamlarynyň desgalarynyň gurluşyklaryny amala aşyran kompaniýasynyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekdäki uly goşandyny kanagatlanma bilen nygtady.
Işewür daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemekleri ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn maksatnamalaryň, halkara ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine “Çalyk Holdingiň” taýýardygyny tassyklady.
“GAP Inşaat” kompaniýasynyň häzirki döwürde Aşgabatda saglygy goraýyş ulgamyna degişli häzirki zaman merkezleriniň gurluşygyny alyp barýandygyny belläp, Ahmet Çalyk hemme işleriň ýokary hil derejesinde ýerine ýetiriljekdigine, desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga beriljekdigine ynandyrdy.


11.05.2026 22:55
970

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 15:51
5.6k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......