Gurbanguly Berdimuhamedow Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagy bilen gutlady

  • 26.09.2023 07:41
  • 34k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy we aýratyn tapawutlandyryş nyşanynyň — «Altyn Aý» altyn nyşanynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy mynasybetli gutlady.

«Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk hem rowaç bolsun!» diýlip Gutlagda aýdylýar.
«Siziň täze taryhy döwrümizde yglan eden «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgäňize laýyklykda, öňde goýlan belent maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda, berkarar Watanymyzyň dünýäde syýasy we ykdysady taýdan durnukly ösýän ýurt hökmünde ykrar edilmeginde möhüm orna eýedir. Siziň döwlet Baştutanynyň wezipesinde çekýän ýadawsyz zähmetiňiziň netijesinde ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça deňi-taýy bolmadyk taslamalar amala aşyrylýar. Garaşsyz Watanymyz ýokary depginlerde ösýär we özgerýär, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu gazanylýan üstünlikler, Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň barha artmagy Siziň döwlet Baştutanynyň wezipesinde alyp barýan öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasatyňyzyň anyk beýany bolup, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
«Asyrma-asyr aşyp gelýän asylly ýol-ýörelgelerimize laýyklykda, halkymyzda «Peder pendi paýhasdyr» diýilýär. Şoňa görä-de, Kyblamyzyň nygtaýşy, wesýet edişi ýaly, halkyňy söý! Halkyňy gora! Halkyňy syla! Eger-de gerek bolsa, halkyň üçin janyňy hem aýama!» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belleýär.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....