Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistanyň ýolbaşçylaryny gutladylar

  • 23.09.2023 11:25
  • 20k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana hem-de Premýer-ministr Nikol Paşinýana, ýurduň ähli halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

«Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Ermenistan Respublikasy syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazandy» diýip, Prezident belledi hem-de ýurtlarymyzyň özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga ygrarlydygynyň iki halkyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigini aýtdy.
«Garaşsyzlyk ýyllary içinde Ermenistan Respublikasynyň durmuş-ykdysady ösüşde hem-de halkyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny, häzirki wagtda syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda ösüşini okgunly dowam etdirýändigini bellemek guwandyryjydyr» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......