Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Duşenbedäki duşuşygynda 5 sany resminama gol çekmek meýilleşdirilýär

  • 14.09.2023 07:04
  • 9.1k+

14-15-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 5-nji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde 5 sany resminamalar toplumyna gol çekilmegine garaşylýar. Bu barada “Нейтральный Туркменистан” gazeti habar berýär.

Bellenişi ýaly, öňde boljak duşuşykda şu resminamalara gol çekiler:

  • Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bilelikdäki beýanaty;
  • Guryýer ulagy pudagyndaky ylalaşyk;
  • Ýaşlar syýasatynyň umumy ugurlary boýunça ylalaşyk;
  • Konsultatiw duşuşyklarynyň işi boýunça milli utgaşdyryjylaryň geňeşiniň ýagdaýy;
  • 2023-2025-nji ýyllarda Merkezi Aziýa sebitiniň ilatynyň abadançylygyna we saglygyna ýardam bermek boýunç Ýol kartasy.

Ýokary derejeli döwlet Ýolbaşçylarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň iş mslahaty, ykdysady forumy, önümleriniň sergisi, Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogy, sungat sergisi, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumy, ylmy maslahat, ulag ministrleriniň duşuşygy hem-de beýleki medeni çäreler geçiriler.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......