Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep bazary işläp başlar

  • 29.07.2023 09:46
  • 13k+

Türkmenistanyň welaýatlarynda, etraplarynda, Aşgabatda we Arkadag şäherinde mekdep harytlarynyň söwdasy şu ýylyň 1-nji awgustyndan 5-nji sentýabryna çenli geçiriler.

Bu barada wise-premýer B.Atdaýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi.
Bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň söwda düzümleri tarapyndan okuwçylar we talyplar üçin harytlary öndürijiler hem-de iberijiler bilen bilelikde ýurdumyzyň bazarlaryny okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplar, beýleki harytlar bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mekdep okuwçylary we talyplar üçin zerur bolan okuw esbaplarynyň söwdasy guralýan mekdep harytlarynyň bazarlaryny ýola goýmagyň asylly däbe öwrülendigini we olaryň ýerleşdirilýän ýerleriniň alyjylar üçin amatly bolmagy, mekdep harytlarynyň bolçulygynyň üpjün edilmegi ugrunda ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


19.06.2026 18:41
3.4k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.5k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
5.2k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......