Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimlerinden agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirmegi talap etdi

  • 04.07.2023 10:01
  • 16k+

3-nji iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly iş maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalygynda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleri ýerine ýetirilende, käbir säwliklere ýol berlendigini aýtdy.

Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere seredildi.
Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri we wise-premýer ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda galla oragy tamamlaýjy tapgyrda dowam edip, bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlary geljek ýylyň hasyly üçin ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri geçirilýär.
Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi bellenen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.
Agrotehniki kadalar doly we dogry berjaý edilen ýagdaýynda has ýokary netijeleri gazanyp boljakdygyny belläp, Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işlerinde agrotehniki çäreleriň öz wagtynda, dogry ýerine ýetirilmegini wise-premýer A.Ýazmyradowdan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden berk talap etdi.


şu gün 08:13
1.1k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
2.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
672

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......