Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda işleriň barşy bilen bagly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi

  • 06.06.2023 11:57
  • 10k+

5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri  sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, sebitlerde şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, zyýankeşlere garşy göreşmek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Galla oragyna guramaçylykly girişilip, orakda ulanylýan kombaýnlar, awtoulaglar bökdençsiz işledilýär, galla kabul ediş bölümleriniň işi talabalaýyk guralýar, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär, ýetişen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkimler welaýatlarda Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, galla oragynyň başlanandygyny we onuň guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi hem-de bugdaý oragynda ähli düzümleriň bökdençsiz işledilmegi, gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň depgininiň güýçlendirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutany ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli welaýatlarda geçiriljek dürli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini häkimlere tabşyrdy.


20.06.2026 11:41
3.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......