Türkmenistanda şu hepdede garaşylýan howa maglumaty (29.05 — 04.06)

  • 29.05.2023 08:47
  • 19k+

Türkmenistanda şu hepdäniň aglaba günlerinde yssy, gurak howanyň bolmagyna garaşylýar diýip, Meteožurnal neşiri habar berýär.

Duşenbe güni howanyň temperaturasy +33…+38° bolar, Balkan welaýatynyň kä ýerlerinde +42°, kenarýaka etraplarynda +29…+34° bolar.
Sişenbe güni hem şolar ýaly howa saklanar. Esasan, +33…+38° bolar, Balkan welaýatynyň kä ýerlerinde +42°, kenarýaka etraplarynda +28…+33° bolar.
Çarşenbe güni +34…+39° bolar, Balkan welaýatynyň kä ýerlerinde +41°, kenarýaka etraplarynda +27…+32° bolar.
Penşenbe güni Türkmenistanyň aglaba sebitinde +35…+40°, kenarýaka etraplarynda +22…+27° bolar.
Anna güni Balkan welaýatynda howanyň temperaturasynyň peslemegine garaşylýar. Kenarýaka etraplarynda +21…+26°, sebitiň içerki etraplarynda +25…+30°, galan sebitlerde +34…+39° bolar.
Anna-şenbe günleri Balkan welaýatynyň kä ýerlerinde ýagyş ýagmagy mümkin. Şeýle hem Ahal we Daşoguz welaýatynda hem az mukdarda ýagyş ýagmagy ahmal. Kä ýerlerde güýçli şemal öwser. Ahal welaýatynda gündizlerine az hem temperatura peselip,+31…+36°, Daşoguz welaýatynda +32…+37°, ýurduň gündogarynda we günorta-gündogarynda yssy bolar, gündizlerine +36…+41°.


22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......