Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (15.05 — 21.05)

  • 15.05.2023 15:32
  • 35k+

Şu hepdede Türkmenistanda howanyň durnuksyz bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň birinji ýarymynda aglaba sebitlerde ýagyn ýagyp, ýyldyrym çakar. Şemally howa bolar. Şeýle-de bolsa, hepdäniň ahyrynda ýene  yssy bolmagyna garaşylýar.

Duşenbe güni siklonyň yza çekilmegi bilen, Hazar deňzinden çygly howa akymy gelip başlar. Balkan welaýatynyň kenarýaka sebitlerinde howa salkyn, gündizine temperatura +14 ... + 19°, sebitiň gündogarynda häzirlikçe +19 ... +24° bolar. Ahal welaýatynda  +23… +28°, Daşoguz welaýatynda +22… +27°, Mary welaýatynda + 26… + 31°, Lebap welaýatynda häzirlikçe  +33… +38° yssy howa saklanyp galar. Balkan, Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň käbir ýerlerinde ýagyş ýagar we ýyldyrym çakar. 14-nji maýdan 15-nji maýa geçilen gije we 15-nji maýda gündiz agzalan sebitlerde şemalyň tizliginiň sekuntda 15-20 metre çenli güýçlenmegine garaşylýar.
Sişenbe güni ýurduň çet günorta-gündogar sebitlerinden başga ähli ýerinde sowuk howa akymy agdyklyk eder. Balkan sebitinde howa +15… +20°, Ahal, Mary we Daşoguz welaýatlarynda +18… +23°, Lebap welaýatynyň demirgazygynda +18… +23°-dan günortasynda + 27… +32°-a çenli bolar.
16-njy maýda Türkmenistanyň köp sebitinde şemal güýçlener. Balkan we Ahal welaýatlarynyň käbir ýerlerinde ýeliň tizligi sekuntda 17-22 metre çenli ýeter. Köp ýerde güýçli ýagyş ýagyp, ýyldyrym çakmagyna garaşylýar. Diňe Mary welaýatynda güýçli ýagyn bolmaz diýip çaklanylýar. Ýagyş Lebabyň käbir ýerlerinde ýagar.
Çarşenbe güni temperatura ýokarlanyp başlar. Balkan sebitinde eýýäm +20… +25°, kenarýaka sebitlerinde temperatura ondan birnäçe dereje pes bolar. Ahal welaýatynda temperatura + 21… + 26 °, Mary, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda + 20… + 25 ° bolar. Balkanyň demirgazygynda, Daşoguz welaýatynda, şeýle hem Lebap sebitlerinde wagtal-wagtal ýagyş ýagar .
Penşenbe-anna günleri howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy dowam eder. Balkan welaýatynda dynç günleri temperatura eýýäm +26… +31°, Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda +28… +33°, Daşoguzda + 25… +30 ° bolar.
Dynç günleri ýene örän yssy howanyň bolmagyna garaşylýar. Yssy käbir ýerlerde +36 ... +41° çenli ýeter.


22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......