Türkmenistanyň käbir sebitlerinde ýagyş ýagyp, howanyň salkynlamagyna garaşylýar

  • 03.05.2023 15:46
  • 25k+

Maý aýynyň ilkinji günleriniň Türkmenistana gelmegi bilen, uzak yssydan soň, howanyň mazaly salkynlamagyna garaşylýar we käbir ýerlerde ýyldyrym çakyp, ýagyş ýagmagy mümkin diýip, “Meteožurnal” neşiri habar berýär.

Hepdäniň ortasynda we ahyrynda birnäçe sebitde günlük ortaça temperatura kadadan pes bolar. Esasanam, Balkanyň daglyk ýerlerinde we dag eteklerinde, Ahal welaýatynyň käbir ýerlerde 15-30 mm-e çenli ygal düşmegi mümkin.

Salkynlama antisiklonyň demirgazyk we gündogar periferiýasy boýunça Russiýanyň ýewropa böleginden Merkezi Aziýa akýan sowuk howa akymynyň gelmegi bilen ýüze çykar.

Çarşenbe güni gije Balkan sebitinde howa +11… +16 gradus salkyn bolar. Günüň dowamynda +18… +23, kenarýaka sebitlerinde +14… +19 gradus bolar. Ahal sebitinde esasan +23… +28, Daşoguz sebitinde +24… +29, Türkmenistanyň gündogarynda we günorta-gündogarynda temperaturanyň + 29… + 34 gradus bolmagyna garaşylýar.

Günüň ikinji ýarymynda Balkan, Ahal we Daşoguz welaýatlaryn käbir ýerlerinde çabgaly ýagyş ýagyp, ýyldyrym çakmagy mümkin.

Penşenbe-anna günleri Türkmenistanyň köp sebitlerinde ýagyş ýagyp, gök gürläp, güýçli ýyldyrym çakmagyna garaşylýar. Penşenbe güni Ahal, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda howa hasam salkynlar. Temperatura ep-esli peselip, +14 ... +19 gradusa düşer.


22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......