Türkmenistanda maý aýy onçakly yssy bolmaz diýlip çaklanylýar

  • 01.05.2023 20:16
  • 19k+

Maý aýynda Türkmenistanyň çäginde käbir ýerlerde howanyň kadadan çala ýokary bolmagyna garaşylýar (1-1,5 dereje). Ýurduň çäginde ortaça temperatura kadadan  0-1,5 dereje ýokary bolar.

Uzak möhletli çaklamalarda kadanyň çäklerinde diapazon kadadan 1° aşakdan 1° ýokara çenli bolar. Mysal üçin, Aşgabatda maý aýynda ortaça aýlyk temperatura + 24,1° bolar, diýmek, bu çak edilýän temperaturanyň adaty + 23.1°… + 25.1° aralygyndadygyny aňladýar. 2° diapazony takyk çaklamagy kynlaşdyrýar.
Aýyň ilkinji ongünlüginde, 2-nji maýda, ýurduň günbatarynda, 3-5-nji maýda başga-da birnäçe sebitde howanyň howa kadasyndan pes bolmagyna garaşylýar.
Günbatarda, demirgazyk we merkezi sebitleriň kä ýerlerinde, gündizine temperatura +14 ... +20 derejä çenli peselip biler.
5-nji maýdan soň, temperatura ýokarlanyp, +25 ... +30 dereje bolar, kenarýaka sebitlerinde +17 ... +22, ýurduň gündogarynda we günorta-gündogarynda käbir ýerlerde +30 derejeden ýokary bolar.
Temperatura barada aýdylanda, aýyň dowamyndaky ortaça temperatura göz öňünde tutulýar. Elbetde, mahal-mahal juda yssy howanyň bolmagy hem mümkin.


22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......