Wepa Hajiýew «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky ministrler duşuşygyna gatnaşdy

  • 28.04.2023 11:15
  • 26k+

27-nji aprelde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we HHR-iň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň Daşary işler ministrleriniň dördünji duşuşygy geçirildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew wekilçilik etdi.
Duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, geljekki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlenildi.

Çärä gatnaşyjylar “MA-Hytaý” formatynda hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy boýunça formata gatnaşyjy-ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegi nukdaýnazaryndan wajyp ähmiýetini bellediler.
Taraplar şeýle hem şu ýylyň maýynda geçiriljek “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatynyň birinji Sammitiniň gün tertibi boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň netijesinde “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň dördünji duşuşygy hakynda Maglumat beýanaty hem-de mejlisiň Teswirnamasy kabul edildi.


şu gün 23:05
244

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

şu gün 16:45
685

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.9k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.5k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......