Aprel aýynda Türkmenistanda yssy howa boýunça aýlyk rekord täzelendi

  • 14.04.2023 17:19
  • 50k+

Aprel aýyndaky adatdan daşary yssy howa Türkmenistanyň birnäçe sebitinde iň ýokary temperaturanyň rekordlaryny täzeledi. Şeýle temperatura apreliň ikinji ongünlüginiň başyna däl-de, maý aýynyň ahyryna ýa-da iýun aýynyň başyna häsiýetlidi.

Balkan welaýatynyň kenarýaka sebitlerinden başga hemme ýerde günüň iň ýokary temperaturasynyň rekordlary täzelendi.
Mart aýynyň rekord maýyl howasynyň çäginde häzirki ýagdaý, esasanam, soňky birnäçe ýylda ählumumy howanyň üýtgemegi bilen, Türkmenistanyň howasynyň hem düýpgöter üýtgeýändiginiň köp sanly mysallaryndan biridir.
Ýurduň aglaba böleginde termometriň sütünjigi +40°-dan geçdi.
Üçajyda iň ýokary temperatura + 42.2 ° diýip bellendi.
Ýerbentde howa +41.1 °-a çenli gyzdy - howa gözegçiliginiň tutuş dowamynda aprel aýynda ýeke gezegem şeýle temperatura hasaba alynmandyr. Ozal iň ýokary temperatura 2008-nji ýylyň aprelinde — +39,9°C bolupdyr.
Sarahsda has yssy — + 41,6 ° C boldy. Şeýle hem 2000-nji ýylda (+41°) kesgitlenen aýlyk rekord täzelendi.
Aşgabatda howa +39,6°C-a çenli gyzdy. Bu hem şäherde 2015-nji ýylda +39,6° bolanda goýlan rekord derejäniň gaýtalanmagydyr.
Baýramalyda +40,5° bolmak bilen rekord gaýtalandy, baryp-ha 1890-njy ýylda (133 ýyl mundan ozal), howa gözegçilik edilip başlanan wagtlarynda, şäherde şeýle temperatura bolupdy.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......