12-13-nji aprelde Türkmenistanda adatdan daşary yssy howa garaşylýar

  • 10.04.2023 16:37
  • 45k+

12-13-nji aprelde Türkmenistanda aprel aýy üçin adaty bolmadyk yssy bolar diýip çaklanylýar. «Meteožurnal» neşiriniň habar bermegine görä, käbir sebitlerde termometriň sütünjiginiň + 40°-dan geçmegine garaşylýar.

Ýurdumyza yssy howa Eýranyň çäginden aralaşar. Hazar deňziniň üstündäki pes basyş zolagy sebäpli, Köpetdag daglaryndan geçenlerinde howa akymlary gyzýar.
Şeýlelik bilen, 12-nji aprelde Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda howanyň temperaturasy + 36°… + 41 °, Balkanda + 21°… + 26 ° bolar. Lebap sebitinde + 32° ... + 37 °, Daşoguz sebitinde + 29° ... + 34° bolmagyna garaşylýar. Şeýle hem şol gün güýçli ýeliň öwüsmegi we tozanly tupanyň bolmagy mümkin.
Eýýäm 13-nji aprelde ýurduň aglaba böleginde howanyň + 41° ... + 42°-a çenli gyzmagy mümkin. Kenarýaka sebitlerinde temperatura + 18° ... + 23°-a çenli bolar.
14-nji aprelde temperaturanyň birden peselmegine garaşylýar. Balkan welaýatynda + 16°… + 21 °-a çenli, Ahalda + 21°… + 26 (welaýatyň gündogarynda + 27°… + 32°) bolar. Mary sebitinde + 32° ... + 37°, Lebabyň demirgazygynda  + 23°… + 28, sebitiň günortasynda + 36°… + 41°-a çenli yssy bolar. Daşoguzda + 20… + 25 °-a çenli yssy bolmagyna garaşylýar.
14-15-nji aprelde kä ýerlerde gysga wagtlaýyn ýagyş ýagyp, ýyldyrym çakmagy mümkin.
Çeşmäniň habaryna görä, aprel aýynyň şeýle yssy bolmagy adaty bolmadyk ýagdaýdyr. Öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, aprel aýynda Aşgabatda iň ýokary temperatura 2015-nji ýylda + 39,6° boldy; 2008-nji ýylda Gyzylarbatda aňrybaş temperatura  + 40,4° boldy. 2000-nji ýylda Sarahsda + 41° bolandygy hasaba alyndy; Türkmenabatda 1975-nji ýylda  +40,3° bolupdy, 1890-njy ýylda Baýramalyda + 40,5°, 2008-nji ýylda bolsa Ýerbentde + 39,9° boldy.


22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......