Gurbanguly Berdimuhamedow Ärdogany Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlemegi teklip etdi

  • 16.03.2023 23:56
  • 26k+

16-njy martda Ankarada Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip, mejlise diňe bir synçy ýurduň wekili däl-de we  şol babatda Türki döwletleriň guramasynyň ýaşulular geňeşiniň agzasy hökmünde gatnaşýandygyny belledi.  Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň TDG-ä agza döwlet hökmünde kabul ediljekdigine ynam bildirildi.
Sammitiň mowzugynyň «Tebigy betbagtçylyklar: adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwer ýardam» diýip atlandyrylmagy hem möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bizde «Söýenişen–ýykylmaz» diýilýär. Şoňa görä-de, bir-birimize her tarapdan dost-doganlyk goldawyny bermeli. Başyňa düşmesin, ýöne şunuň ýaly agyr günde hemmämiz jebis bolmaly diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Rejep Taýyp Ärdogan  bilen 22 ýyl bäri ýakyndan tanyşdygyny belledi.
Türkmenistan Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany,  Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlemek teklip edilýär, biz bu ugurdaky teklipleriň ählisini doly goldaýarys. Ol bu halkara baýragyna mynasyp ýolbaşçydyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Rejep Taýyp Ärdoganyň ХХI asyrda Yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň arasynda ilkinji bolup bu ýokary baýraga mynasyp şahsyýet hökmünde taryhyň altyn sahypalaryna ýazylsa, onda maksadalaýyk bolardy. 


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......