Aşgabatda Türkiýede bolup geçen ýertitremäniň şehitleriniň hatyrasyna sadaka berildi

  • 15.03.2023 22:45
  • 20k+

Şu gün, 15-nji martda Aşgabatdaky Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän Hezreti Omar metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň galam hakynyň serişdelerine Türkiýe Respublikasynda köpsanly adam pidalaryna getiren ýertitreme sebäpli şehit bolanlaryň hatyrasyna sadaka berildi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri şol agyr günlerde Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasyna baryp, doganlyk ýurduň wekilleri bilen gynanjyny paýlaşdy we duýgudaşlyk bildirdi. Şonda pida bolanlary, öten-geçenleri hatyralap, sadaka beriljekdigi habar berildi.
Ine, bu gün bolsa, Oraza aýynyň öň ýanyndaky günlerde doganlyk Türkiýede bolup geçen hasratly ýertitremede şehit bolanlary hatyralap, Hezreti Omar metjidinde sadaka berildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy ýygnananlara ýüzlenip, «Goý, şeýle sogaply günlerde berýän sadakamyz, edýän aýat-töwirlerimiz öten-geçenleriň ruhuna barsyn! Türkiýede bolup geçen ýertitremede şehit bolanlaryň, öten-geçenleriň  jaýy jennet bolsun! Allatagala olara  iman baýlygyny bersin!» – diýip, Türkmenistanyň müftüsine aýat-töwir edip bermek barada ýüzlendi.
Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykandan soňra, sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi. Tagam dadylandan soňra, aýat-töwir edildi.
Mälim bolşy ýaly, fewral aýynyň başynda Türkiýede köp sanly adam pidalaryna, agyr ýitgilere getiren güýçli ýertitreme bolup geçdi. Bu örän agyr tebigy betbagtçylyk hemmeleri gynandyrdy. Türkmenistan hem ilkinjileriň hatarynda bu ýurda doganlyk goluny uzatdy. Türkmenistandan doganlyk Türkiýe Respublikasyna ynsanperwerlik kömegi, ýagny ilkinji nobatda, zerur serişdeler iberildi.
Soňky maglumatlara görä, Türkiýede bolup geçen ýertitremelerinde aradan çykanlaryň sany 48 müň 448 adama ýetdi. Şolardan 6 müň 660 sanysy daşary ýurtlaryň raýatlarydyr.


düýn 19:38
4.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......