Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda birbada üç sany saglyk merkezleriniň düýbi tutuldy

  • 15.03.2023 11:48
  • 35k+

Şu gün, 15-nji martda Aşgabat şäheriniň dürli künjeklerinde täze lukmançylyk merkezleriniň birbada üçüsiniň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň düýbüni tutmak mynasybetli dabaralar geçirildi. Dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň düýbüniň tutuljak ýerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary, Bilim ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkiýeli myhmanlar, lukmanlardyr il sylagly ýaşulular garşyladylar.
Dabaranyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler, guruljak täze saglyk maksatly desgalaryň ähmiýeti dogrusynda söz sözledi. Şeýle-de çärede “Gap Inşaat ýatyrym we diş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygyň çykyşlary diňlenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze lukmançylyk merkeziniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazga gol çekdi we ony ýörite guta ýerleşdirip, täze desganyň binýadyna atmak bilen, iri gurluşyga badalga berdi.
Soňra dabaralar Stomatologiýa merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň düýbüniň tutulmagy bilen dowam etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 10-njy fewralynda gol çeken Kararlaryna laýyklykda, Aşgabatda bina ediljek 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklaryny amala aşyrmak «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.» türk kompaniýasyna ynanyldy. Kompaniýa tarapyndan täze desgalary taslamalaryny düzmek, olary döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak arkaly 2026-njy ýyla çenli doly ulanyşa taýýar etmek meýilleşdirilýär.


16.05.2026 18:05
5.3k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.8k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.2k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
3.1k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......