Ýakyn günlerde Türkmenistanda howanyň gündizki temperaturasy aşa üýtgäp durar

  • 04.03.2023 10:28
  • 37k+

Ýakyn günlerde Türkmenistanyň tutuş çäginde howanyň gündizki temperaturasynyň birden üýtgäp durmagyna garaşylýar diýip, «Meteožurnal» neşiri habar berýär. Muňa ýurdumyzyň çägine yzly-yzyna aralaşjak dürli howa akymlary sebäp bolar.

4-5-nji martda ýurdumyza günortadan Ortahazar siklonynyň getirjek maýyl howa akymy howanyň ilkibaşda dessine maýlamagyna, howa akymy çykanda bolsa sowamagyna getirer.
6-njy martda bolsa Ortaýerdeňiz howa akymy aralaşyp, Türkmenistanda howany tomsuň gününe döndürer. 7-nji martda howa akymy ýurduň çäginden çykyp, howa ýene-de birden sowar.
Aşgabatda, ýakyn günlerde howanyň gündizki maksimal temperaturasy birde +25 gradusa düşüp, birde-de +33,8 gradusa galar. 8-nji martda Aşgabatda howanyň temperaturasynyň +16 gradusa düşüp güýçli ýagşyň ýagmagyna garaşylýar.


22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......