Oguz han uniwersiteti ýaşlaryň arasynda innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigini yglan edýär

  • 13.02.2023 14:34
  • 16k+

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 35 ýaşa çenli bolan ýurdumyzyň ähli ýaşlarynyň arasynda innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşige web sahypalarynyň we programma üpjünçilikleriniň, mobil goşundylaryň, robotlaryň, elektron enjamlaryň işjeň ýagdaýyndaky nusgasyny, sanly we innowasion ykdysadyýetiň modellerini, hyzmatlaryň innowasion görnüşlerini, himiki we biotehnologiýalar, kiberhowpsuzlyk we maglumat tehnologiýalar boýunça taslamalary, oba hojalygy, lukmançylyk we ş.m. beýleki islendik ugurlar boýunça öz işlerini we pikirlerini hödürläp bilerler.
Ýokary okuw mekdebi teklip edilýän taslamalaryň täze pikirleriň esasynda döredilen ýa-da kämilleşdirilen bolmagynyň hökmanydygyny ýatladýar.

Bäsleşik 2 tapgyrda geçirilýär
I tapgyra gatnaşmaga isleg bildirýänler öz taslamasy baradaky maglumatlary şu ýylyň 1-nji apreline çenli oguztaslama@gmail.com elektron poçtasyna elektron görnüşde ugradyp hasaba durmaly. Bäsleşige şahsy we toparlaýyn (3 adamdan köp bolmadyk) görnüşde gatnaşmaga rugsat berilýär. Hasaba alnan gatnaşyjylar taslamasyny doly görnüşde taýýarlap, onuň işjeň ýagdaýy baradaky beýany prezentasiýa görnüşinde (mümkin bolsa 1-3 minutlyk düşündirişli wideoýazgysy bilen) 1-nji maýa çenli ýokardaky elektron salgysyna ugratmaly. Netijeler Guramaçylyk topary tarapyndan 20-nji maýa çenli yglan ediler we uniwersitetiň internet sahypasynda görkeziler, şeýle-de telefon arkaly habar berler.
II tapgyr Ylymlar gününiň öňüsyrasynda 5-10-njy iýun aralygynda geçiriler. I tapgyryň ýeňijileri oňa uniwersitetde gurnaljak innowasion tehnologiýalaryň sergi- bäsleşigine öz işleri bilen gatnaşarlar. Bäsleşigiň ýeňijileri Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň uniwersitetde geçirjek halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde yglan ediler. Ýeňijilere (1 sany Baş baýrak, 2 sany I ýer, 3 sany II ýer, 4 sany III ýer) diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar hem-de okuwa we işe ýerleşmekde ýeňillik döretjek teklip hatlary (Recommendation letter) berler.
Bäsleşigi geçirmegiň tertibi we Düzgünnamasy baradaky giňişleýin maglumatlar uniwersitetiň internet sahypasynda ýerleşdirildi.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +99363647081, +99365873093, +99364493354, +99365031996
Elektron poçta: oguztaslama@gmail.com
Web sahypa: etut.edu.tm


düýn 10:53
1.9k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....