Oguz han uniwersiteti ýaşlaryň arasynda innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigini yglan edýär

  • 13.02.2023 14:34
  • 16k+

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 35 ýaşa çenli bolan ýurdumyzyň ähli ýaşlarynyň arasynda innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşige web sahypalarynyň we programma üpjünçilikleriniň, mobil goşundylaryň, robotlaryň, elektron enjamlaryň işjeň ýagdaýyndaky nusgasyny, sanly we innowasion ykdysadyýetiň modellerini, hyzmatlaryň innowasion görnüşlerini, himiki we biotehnologiýalar, kiberhowpsuzlyk we maglumat tehnologiýalar boýunça taslamalary, oba hojalygy, lukmançylyk we ş.m. beýleki islendik ugurlar boýunça öz işlerini we pikirlerini hödürläp bilerler.
Ýokary okuw mekdebi teklip edilýän taslamalaryň täze pikirleriň esasynda döredilen ýa-da kämilleşdirilen bolmagynyň hökmanydygyny ýatladýar.

Bäsleşik 2 tapgyrda geçirilýär
I tapgyra gatnaşmaga isleg bildirýänler öz taslamasy baradaky maglumatlary şu ýylyň 1-nji apreline çenli oguztaslama@gmail.com elektron poçtasyna elektron görnüşde ugradyp hasaba durmaly. Bäsleşige şahsy we toparlaýyn (3 adamdan köp bolmadyk) görnüşde gatnaşmaga rugsat berilýär. Hasaba alnan gatnaşyjylar taslamasyny doly görnüşde taýýarlap, onuň işjeň ýagdaýy baradaky beýany prezentasiýa görnüşinde (mümkin bolsa 1-3 minutlyk düşündirişli wideoýazgysy bilen) 1-nji maýa çenli ýokardaky elektron salgysyna ugratmaly. Netijeler Guramaçylyk topary tarapyndan 20-nji maýa çenli yglan ediler we uniwersitetiň internet sahypasynda görkeziler, şeýle-de telefon arkaly habar berler.
II tapgyr Ylymlar gününiň öňüsyrasynda 5-10-njy iýun aralygynda geçiriler. I tapgyryň ýeňijileri oňa uniwersitetde gurnaljak innowasion tehnologiýalaryň sergi- bäsleşigine öz işleri bilen gatnaşarlar. Bäsleşigiň ýeňijileri Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň uniwersitetde geçirjek halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde yglan ediler. Ýeňijilere (1 sany Baş baýrak, 2 sany I ýer, 3 sany II ýer, 4 sany III ýer) diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar hem-de okuwa we işe ýerleşmekde ýeňillik döretjek teklip hatlary (Recommendation letter) berler.
Bäsleşigi geçirmegiň tertibi we Düzgünnamasy baradaky giňişleýin maglumatlar uniwersitetiň internet sahypasynda ýerleşdirildi.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +99363647081, +99365873093, +99364493354, +99365031996
Elektron poçta: oguztaslama@gmail.com
Web sahypa: etut.edu.tm


26.06.2025 14:32
6.1k+

Plastik galyndylardan parasetamol öndürmegiň usuly tapyldy

Edinburg uniwersitetinden professor Stiwen Uollesiň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary plastik galyndylarynyň derman öndürmek üçin ulanylyp bilinjekdigini kesgitlediler. Bu barada Nature žurnalyndaky barlaga salgylanýan The Guardian ýazýar...

24.06.2025 13:34
2.5k+

Awstraliýaly kebeleklerde ugruny ýyldyzlara görä kesgitlemek ukyby ýüze çykaryldy

Awstraliýaly bogong kebelekleri ( Agrotis infusa ) ýyldyzlardan we Ýeriň magnit meýdanyndan ugur alyp, müň kilometre çenli aralygy geçmäge ukyply. Bu Awstraliýanyň Milli uniwersitetiniň, Günorta Awstraliýa uniwersitetiniň we beýleki barlag merkezleriniň hünärmenleriniň gelen netijesidir...

24.06.2025 13:32
2.6k+

Aýnadan çap etmek üçin ilkinji 3D printeri döredildi

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň Linkoln barlaghanasynyň barlagçylary aýna zatlary öndürmäge ukyply ilkinji 3D printeri çykardylar. Şu wagta çenli additiw önümçilik şokolad we plastmassa ýaly dürli materiallary öz içine alypdy, ýöne organiki däl aýna bu tehnologiýanyň çäginden daşarda galyp gelýärdi...

24.06.2025 12:40
6.4k+

Britaniýaly alymlar robotlaryň kömegi bilen Arktikany gaýtadan doňdurmak isleýär

Britaniýanyň ARIA hökümet agentligi suwasty robotlaryň kömegi bilen Arktikanyň buz örtüginiň galyňlygyny saklamak we artdyrmak mümkinçiliklerini öwrenmek üçin 10 mln funt sterling (takmynan, $13,4 mln) bölüp berdi diýip, The Times habar berýär...