Awstraliýaly kebeleklerde ugruny ýyldyzlara görä kesgitlemek ukyby ýüze çykaryldy

  • 24.06.2025 13:34
  • 3.2k+

Awstraliýaly bogong kebelekleri ( Agrotis infusa ) ýyldyzlardan we Ýeriň magnit meýdanyndan ugur alyp, müň kilometre çenli aralygy geçmäge ukyply. Bu Awstraliýanyň Milli uniwersitetiniň, Günorta Awstraliýa uniwersitetiniň we beýleki barlag merkezleriniň hünärmenleriniň gelen netijesidir. Bu barada Nature žurnalynda çap edilen barlagyň netijelerine salgylanýan Interesting Engineering habar berdi.

Bogonglar uzak aralyga uçanlarynda ugur kesgitlemek üçin ýyldyzlary ulanýan ilkinji oňurgasyzlardyr. Olar her ýazda Awstraliýanyň Alp daglaryndaky sowuk gowaklara göçüp, güýzde köpelýän ýerlerine gaýdýarlar we ömür tapgyryny şol ýerde tamamlaýarlar.
Kebelekleriň Ýeriň magnit meýdanyny duýýandygy bireýýäm kesgitlenipdi. Täze barlag ikinji bir mehanizmi ýüze çykardy: ýyldyzlar, kompas mysaly, günüň we möwsümiň wagtyna görä ugry kesgitlemäge kömek edýär.
Bu prosesi öwrenmek üçin alymlar planetariýa meňzeş ýörite meýdança döretdiler we göçüşlik wagtynda tutulan kebelekleri oňa ýerleşdirdiler. Kebelejikleriň beýnisine kiçi elektrodlar ýerleşdirildi. Hatda hereketsiz wagtlary hem kebelekler häli-şindi ugruny üýtgedip "uçmaga" synanyşdylar. Bu olaryň ýyldyzly asmana bolan reaksiýasyny yzarlamaga mümkinçilik berdi.
Açyk howada kebelekler göçýän ugruny takyk saýladylar, ýazda günorta we güýzde demirgazyga bakan ugrukdylar. Bulutly asmanyň astynda olar magnit meýdanyndan ugur almaklyga geçdiler. Ýyldyzlaryň konfigurasiýasy üýtgänsoň, olar ugruny ýitirdiler, bu bolsa olaryň asman nagyşlaryna baglydygyny tassyklady.
Awtorlar netijeleriň diňe migrasiýany öwrenmekde däl, eýsem pilotsyz uçarlar we robotlar üçin täze nawigasiýa ulgamlaryny ösdürmäge hem kömek etjekdigine ynanýarlar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....