135 ýaşly pyşdyl ilkinji gezek kaka boldy

  • 19.06.2025 00:16
  • 14k+

Goliaf atly 135 ýaşly Galapagos pyşdyly ilkinji gezek kaka boldy. Bu barada Maýami haýwanat bagynyň işgärleri buşlady diýip, New York Post habar berýär.

Olar kiçijik pyşdylyň ejesiniň hem ýaş däldigini belledi, ýagny dürli hasaplamalara görä, Sweet Pea atly pyşdyl 85-den 100 ýaş aralygynda bolmaly.

“Goliaf – meniň gahrymanym, men onuň köpler üçin ylham çeşmesi boljakdygyna ynanýaryn. Ol – islegiň bolsa, ony durmuşa geçirmegiň usulynyň tapyljakdygyna subutnama. Hiç haçan ruhdan düşmäň!” – diýip, žurnalistler haýwanat bagynyň wekili Ron Magilliň sözlerini getirýär.

Goliaf 1885-nji ýyldan 1890-njy ýyl aralygynda Galapagos arhipelagyndaky Santa-Krus adasynda dünýä indi. 1929-njy ýylda ol Bronksyň haýwanat bagyna, 1981-nji ýylda bolsa Maýamä getirildi. Maýamide tas 45 ýylyň dowamynda ol ençeme gezek jübütleşdi, ýöne nesil galmady.
Sweet Pea 27-nji ýanwarda sekiz ýumurtga taşlady. 4-nji iýunda bir çaga pyşdyl çykdy. Bu Goliafyň ilkinji nesli we bir wagtyň özünde Maýami haýwanat bagynda Galapagos pyşdylynyň ilkinji gezek ýumurtgadan çykmagy boldy. Görnüş ýitmek howpunyň astyndadyr – onuň sany XX asyryň başynda, inwaziw görnüşleriň peýda bolmagy sebäpli düýpgöter azaldy.
Çaga pyşdyl özüni gowy duýýar. Ony ene-atasyndan derrew aýyrdylar, çünki tebigatda pyşdyllar öz nesli barada alada etmeýär. 

şu gün 22:32
632

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

şu gün 22:30
620

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

şu gün 22:13
994

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

şu gün 22:11
445

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......