Paramount «Street Fighter» filminiň ilkinji treýlerini hödürledi

  • 24.04.2026 19:16
  • 3.8k+

Paramount kompaniýasy «Street Fighter» (Köçe söweşijisi) filminiň täzeden işlenilen wersiýasynyň resmi treýlerini tanyşdyrdy. Filmiň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabryna meýilleşdirilýär.

Meşhur faýting oýnunyň täze düşürilişinde baş rollary Endrýu Kodzi (Rýu) we Noa Sentineo (Ken Masters) ýerine ýetirer, Çun Liniň keşbini bolsa ekranda Kallina Lýan janlandyrar.

Filmiň sýužeti 1993-nji ýylda bolup geçýär. Ssenariýa görä, köpden bäri bäsdeşlik edip gelýän Rýu we Ken Masters syrly Çun Lin olary «Dünýä söweşijileriniň ýaryşyna» gatnaşmaga çekmegi bilen, ýene-de güýçlerini birleşdirip, söweşe girmäge mejbur bolarlar.

Taslamanyň awtorlary filmiň oýun seriýasynyň wepaly janköýerleri üçin ýörite salgylanmalar bilen baýlaşdyrylandygyny we gahrymanlaryň lybaslarynyň asyl nusgalara maksimal derejede meňzeş edilip taýýarlanandygyny nygtaýarlar.

Söweş sahnalarynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek üçin, filmiň söweş ulgamy gündogar başa-baş söweş sungaty boýunça professional geňeşçileriň we kaskadýorlaryň gatnaşmagynda döredildi. Bu Golliwud üçin oýny ekrana geçirmegiň üçünji synanyşygy bolar: mundan ozal 1994-nji we 2009-njy ýyllarda çykan wersiýalar tankytçylar tarapyndan makullanmandy.


şu gün 07:46
953

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

düýn 12:24
1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

düýn 08:41
1.4k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
11k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....