Türkmenistanda gozgalmaýan emläk hukuklary we täze ýubileý medaly barada kanun taslamalary işlenip düzülýär

  • 25.04.2026 07:29
  • 6.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler bilen birlikde, ýurduň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere seredildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa häzirki wagtda degişli döwlet edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda taýýarlanylýan täze kanun taslamalary barada maglumat berdi. Hususan-da, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» hem-de «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalarynyň üstünde işlenilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Gümrük kodeksine we beýleki kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler hem goşmaçalar girizmek, döwletiň halkara resminamalaryna goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça anyk çäreler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça netijeli işleriň geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutany ýurduň hukuk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......