Ýeňiş güni mynasybetli uruş we zähmet weteranlaryna ýadygärlik sowgatlary berler

  • 25.04.2026 07:38
  • 5.7k+

Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler geçiriler. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow bu şanly sene mynasybetli meýilleşdirilýän medeni-jemgyýetçilik çäreleri barada Hökümet mejlisiniň dowamynda hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şunlukda, paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna, welaýatlardaky ýadygärliklere hem-de edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak dabaralary geçiriler. Şeýle hem ýurt boýunça ylmy-amaly maslahatlar, uruş döwrüniň gahrymançylykly sahypalaryny şöhlelendirýän söhbetdeşlikler we sergiler guralyp, uruş hem-de zähmet weteranlaryna baýramçylyk sowgatlary gowşurylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen weteranlar üçin ýurtda ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Döwlet Baştutany uruş weteranlaryna we uruş ýyllarynda zähmet çeken enelere Ýeňiş güni mynasybetli ýadygärlik sowgatlaryny gowşurmagy hem-de ähli baýramçylyk çärelerini ýokary derejede guramagy tabşyrdy.


düýn 14:06
5.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

düýn 14:01
5.2k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 10:55
6.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.3k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......