Maý aýynda ýurdumyzda nähili dabaraly çäreler geçiriler

  • 25.04.2026 07:42
  • 7.9k+

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda şanly seneler mynasybetli giň gerimli baýramçylyk çäreleri we täze binalaryň açylyş dabaralary meýilleşdirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda geljek aýda geçiriljek esasy dabaralaryň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Maý aýynyň meýilnamasyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýlip yglan edilmegi, Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni hem-de Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dürli dabaralary guramak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de Ahal we Balkan welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary, meşhur kompozitor Weli Muhadowyň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konserti we TÜRKSOÝ-yň opera günleri mynasybetli aýdym-sazly çäreler geçiriler. Mundan başga-da, Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramyna bagyşlanan dabaralara aýratyn orun berler.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Konstitusiýa binasyna we Baş baýdaga gül goýmak dabarasynyň, «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde bolsa baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, maý aýyndaky şanly senelere we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere meýilleşdirilen ähli çäreleriň guramaçylykly we dabaraly ýagdaýda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......