Gurbanguly Berdimuhamedow we Din Sýuesýan «Galkynyş» känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berdi

  • 17.04.2026 23:49
  • 10k+

17-nji aprelde Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işlere badalga bermek dabarasy boldy. Çärä Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Taslama gaz öndürmek üçin täze ulanyş guýularyny burawlamagy we ýylda goşmaça 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desganyň gurluşygyny öz içine alýar.

Türkmenistanyň energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumyny tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmaga we eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilendir.

Dabarada söz sözlän türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň ýurduň strategik hyzmatdaşydygyny, «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň işe girizilmeginiň bolsa Türkmenistanyň iri energetika döwleti hökmündäki ornuny has-da berkitjekdigini nygtady.

HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan öz çykyşynda bu taslamanyň gaz ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarjakdygyny belledi.

Dabaranyň çäklerinde resmi adamlar döwrebap tehnologiýalaryň we Türkmenistanyň Prezidentiniň goldaw bermeginde satyn alnan geofiziki abzallaryň sergisi bilen tanyşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow täze tapgyryň ilkinji guýusynyň buraw işlerine ak pata berdi. Çäre geljekki desganyň düýbüne ýadygärlik sene ýazgysy salnan gutynyň oklanmagy we ilkinji beton garyndysynyň guýulmagy bilen tamamlandy.

Soňra bu şanly waka mynasybetli toý sadakasy berildi.


düýn 07:34
6.4k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.5k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
1.9k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

22.05.2026 15:38
2.8k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....