Britaniýaly alymlar robotlaryň kömegi bilen Arktikany gaýtadan doňdurmak isleýär

  • 24.06.2025 12:40
  • 7.1k+

Britaniýanyň ARIA hökümet agentligi suwasty robotlaryň kömegi bilen Arktikanyň buz örtüginiň galyňlygyny saklamak we artdyrmak mümkinçiliklerini öwrenmek üçin 10 mln funt sterling (takmynan, $13,4 mln) bölüp berdi diýip, The Times habar berýär.

Taslama Kembrij uniwersitetinden doktor Şon Fisjerald ýolbaşçylyk edýär.
Geçen ýyl topar eýýäm synag geçirdi: buzuň üstünden gar gatlagy aýryldy, deşik burawlandy we nasos arkaly deňiz suwy çekilip, yzyna goýberildi. Şeýlelikde, buzuň üstünde 25 sm töweregi we astynda ýene şonça buz gatlagy emele geldi.

“Bu umytlandyryjy netijeler, ýöne kesgitli däl. Bize has ýokary hilli maglumatlar gerek” – diýip, Fisjerald aýtdy.

Alnan serişdeler kompýuter modellerini döretmäge, Wiktoriýa adasyndaky (Kanada) Kembrij-Beý sebitinde üç gyşda geçiriljek barlaghana we meýdan synaglaryna gönükdiriler. Şeýle-de, ylmy gözlegçiler ekologiýa töwekgelçiliklerine, tejribäniň ýabany tebigata zyýan ýetirip ýa-da mikroblary “boşadyp” bilmegine baha berer.
Eger taslama netijeli bolsa, alymlar buzy burawlamak we suwy ýüzüne çykarmak üçin 500 müň sany arzan robot ulanmagy meýilleşdirýär. Bu ýylda, takmynan, 10 mlrd dollara düşer.
Fisjerald bu pikiriň jedellidigini boýun alýar. Tankytçylar şeýle tehnologiýalaryň syýasatçylara zyňyndylary azaltmagy haýallatmaga bahana bolup biljekdigini duýdurýar. Pariž şertnamasyna görä, ýurtlar ýylamany 1,5-2°C derejede saklamaly.
Ozal klimatologlar eýýäm 2027-nji ýyla çenli Arktikada ilkinji gezek buzlugyň ýitmek hadysasynyň bolup biljekdigini çaklady. 


şu gün 08:10
3.4k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
3.4k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.1k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.1k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......